Marsdan aýrylyp we tektoniki hereketleriň ýa-da meteoritiň täsiri netijesinde Ýere ýeten meteorit barada gözleg geçiren alymlar, 4,4 milliard ýyl ozala degişli Marsda suwuň bardygyny anykladylar.
Professor Takaşi Mikuçiniň ýolbaşçylygyndaky halkara barlagçylar topary Marsdan aýrylyp, Ýere gelen meteoridi gözden geçirip, Gyzyl Planetanyň bir wagtlar ýaşap boljak planetadygy baradaky teoriýalary öňe sürdüler.
Mikuçi we onuň topary tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijesinde, Gyzyl planeta Marsda 4,4 milliard ýyl ozal suwuň bardygy anyklandy. Planeta alymlarynyň şu wagta çenli çaklamalaryna görä, Marsda takmynan 3,7 milliard ýyl bäri suw bar. Täze açyşlar Marsyň “taryhyny” 700 million ýyl yza çekdi.
Bilşimiz ýaly, suw ýaşaýşyň barlygy üçin aýrylmaz elementleriň biridir. Şonuň üçin bir planetada suw bar bolsa, ýaşaýyşyň ösmek mümkinçiligi bar. Şol sebäpli alymlar Marsda ýa-da beýleki planetalarda ýaşaýyş yzlaryny gözleýärler, ilkinji nobatda häzirki wagtda ýa-da geçmişde suwuň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak bolup durýar.
Jemal KURBANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
Teswirler