“LG”-iň “Explorer” taslamasynyň çäginde täze telefon öndürendigini mälim etdi. Bu telefon täze patent bilen peýda boldy. Taslama B diýlip atlandyrylýan bu telefon, gapdaldan çekilende we planşet görnüşine ýetende has uly ekrana eýe bolma mümkinçiligi bar. Berlen maglumata görä, telefon mart aýynda yglan ediler.
Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi LG birnäçe wagt bäri “Explorer” atly täze taslamanyň üstünde işleýär. Kompaniýa, bu taslamanyň çäginde ilkinji gezek T modelli telefon yglan etmek bilen sarp edijileri geň galdyrdy. Aslynda, LG-niň birneme öň bu üýtgeşik telefony öndürendigi ýüze çykdy. Soňky wakalar ýakyn wagtda peýda boljak telefonyň nähili boljakdygyny görkezýär.
ABŞ-nyň patent we söwda belligi edarasyna awgust aýynda hödürlenen we sentýabr aýynda tassyklanan LG-niň täze telefonynyň ekrany maýyşgak häsiýete eýe bolmak gurluşy bar. Häzirki wagtda “Taslama B” diýlip atlandyrylýan telefonda OLED ekrany bar. Uzaýan ekrany bolan telefonlara täzeçe çemeleşjek B taslamasy, gapdal tarap çekilende has uly ekrana eýe bolup, planşet görnüşine diýen ýaly ýetýär.
Höwesgeldi GARLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Teswirler