Döwrebap mümkinçilikli Awtomobil mekdebi

Häzirki wagtda ýurdumyzda awtoulag ulgamyny ösdürmäge uly üns berilýär. Sebäbi döwletimiziň at-abraýyny dünýä çykarmakda bu pudagyň bitirýän işleri sanardan kändir. Ýaňy ýakynda açylyp ulanmaga berlen Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdebi muňa aýdyň mysaldyr.

Awtomobil mekdebi barada aýdanymyzda, mekdepde 13 sany synp otagy we 1 synag otagy bar. Birbada bu mekdep 390 adamy okatmaga niýetlenendir. Okuwa 17 ýaşy dolan islendik raýat kabul edilýär. Sürüjilik şahadatnamaşynyň derejesine görä 1,5 aýdan başlap 2,5 aýa çenli okadylýar. Okuwy üstünlikli tamamlanlar sürüjilik şahadatnamasyny almak üçin synag tabşyrmaly bolýarlar. Synaga girmezden türgenleşik geçmek üçin mekdebiň ýörite türgenleşik meýdançasy hereket edýär. Synagdan üstünlikli geçenler ikinji tapgyra geçmäge hukuk gazanýar.

Synaglar ýörite synag otagynda geçirilýär. Bu synag otagy 15 adama niýetlenen bolup, synag ýörite testler arkaly sanly gornüşde amala aşyrylýar.

Mekdep dünýä ülüňlerine laýyk gelýän ýokary hilli tehnologiýalar bilen üpjün edilen. Mundan başgada, türgenleşik meýdançasynda ýörite bellenilen ýol belgileri, duýduryjy enjamlar, sanly ulgam arkaly gözegçilik nokatlary ildeşlerimiziň awtoulagy has gowy dolandyrmagyna mümkinçilik döredýär.

Merjen AKMYRADOWA,
Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok