Alymlar çeýe we ýokary ygtybarly datçigi döretdiler.

Singapuryň Milli uniwersitetiniň alymlary täze datçigi döretdiler. Adaty ýumşak materiallardan has gowy netijeleri berýän datçik, çeýeligi bilen birinji boldy.

Saglyga gözegçilik edýän robotlar adatça ýumşak elektronikadan ýasalýar. Şeýle-de bolsa, şeýle materiallaryň ulanylmagy dürli kynçylyklary döredýär. Ýumşak we elastik materiallaryň işleýşinde käbir bellärlikli mümkinçilikleri bar.

Singapuryň Milli uniwersitetinden dosent doktor Benýamin Teýiň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary az histerezi häsiýetleri bolan täze datçik materialyny döretdiler. Işlenip düzülen bu täze material has takyk geýilýän saglyk tehnologiýalaryna ýol açýar.

Gözlegçiler datçik üçin elektrodlar we substratlar bilen birleşdirdi. Soňra bolsa datçigiň işleýşiniň aýratynlyklaryny kesgitledi. Mehaniki synaglary yzygiderli ösdürýän topar, döreden dizaýn täzelikleri datçigiň işleýşini gowulandyrdy diýen netijä geldi. Toparyň TRACE (Tactile Resistive Annulary Cracked E-Skin) diýip atlandyran materiallary adaty ýumşak materiallardan bäş esse gowy netije berdi.

Şirinjemal ÇARYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok