Eden Azar 392 günden soň ilkinji goluny geçirdi

Eden Azar 392 günüň dowamynda Madridiň «Realynyň» düzümindäki ilkinji goluny geçirdi. Bu onuň 2020-nji ýyldaky ilkinji goludyr.

«Realyň» ýarym goragçysy Eden Azar La Ligada «Ueska» garşy geçirilen duşuşygyň birinji ýarymynda hasaby açdy (1:0).

Belgiýaly oýunçy 392 günüň dowamynda Madridiň «Realynyň» düzümindäki ilkinji goluny geçirdi. Soňky gezek ol 2019-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda «Granada» garşy geçirilen oýunda (4: 2) tapawutlanypdy. 2020-nji ýylda ol ne klubunda, ne-de milli ýygyndyda gol geçirmändi.

Azar dürli şikesler sebäpli geçen möwsümiň köp bölegini we şu möwsümiň başyny sypdyrmaly bolupdy. Şol gün bolsa möwsümde ilkinji gezek «Realyň» esasy düzüminde meýdana çykdy.

Göwher Gutlyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok