Angliýadaky telekeçi dünýäde ilkinji gezek CO2-den almaz öndürmegi başardy.

Gymmat bahaly şaý-sepler diňe nikalaşmak teklipleri üçin zerur bolmakdan başga-da, daşky gurşawa ýetirýän täsiri bilen tapawutlanýar. Angliýada ýaşaýan millioner dünýäde ilkinji gezek CO2-den göwher öndürendigini habar berdi.
Nika teklipleri üçin zerur bolan göwher, daşky gurşawa ýetirýän täsiri we gaty gymmatlygy bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de bolsa, göwheriň ýeriň aşagyndan däl-de, asmandan ýaradylan bolmagy ähtimal.

Angliýada ýerleşýän köp millioner we daşky gurşawy goraýjy Deýl Wins beren interwýusynda “bütinleý asmandan ýasalan” göwher öndürmegi meýilleşdirýändigini aýtdy. Wins, göwherleriniň daşky gurşawa täsiri ýokdugyny, hatda asmanda kömürturşy gazyny alyp, hapalanmaga garşy kömek edip biljekdigini aýdýar.

Wins, asmandan we dem alýan howamdan göwher ýasamagyň özüne çekijidigini we munuň häzirki zaman alhimiýasydygyny aýtdy. Mundan başga-da, Winsiň döredijiligi Halkara Gemologiýa instituty tarapyndan resmi taýdan ykrar edildi.

Habarlaryň girişinde belläp geçişimiz ýaly, göwheriň daşky gurşawa täsiri uly jedeller döredýär. “The Guardian” tarapyndan berlen gözleglere görä, göwher çykarylyşy 3890 litr suwdan we 108 kg-dan gowrak kömürturşy gazynyň çykarylmagyna getirýär. Mundan başga-da, göwher känlerindäki adamkärçiliksiz iş şertleri bu meseläni has jedelli edýär.
Wins, göwherleriniň himiki bug çökdürilmegi diýlip atlandyrylýan howpsuz proses arkaly döredilendigini aýdýar. Bu amalda möhürlenen kamerada “göwher tohumy” ýerleşdirilýär. Bu kamera ugleroda baý metan gazyny alyp barýarka 800 dereje gyzdyrylýar.

Selbi GARAÝEWA,
Türkmen Döwlet energetika institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok