Ýurdumyzda sitrus miweleri ösdürilip ýetişdiriler.

    Türkmen telekeçileri daşary ýurtdan gelýän önümleriň ornuny tutup biljek önümleri öndürmek üçin uly aladalary edýärler. Ýakyn geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Çary Gylyjow dünýäniň iň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ýurdumyzda banan we sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin Kaka we Wekilbazar etrabynyň çäginde döwrebap ýyladyşhanalary gurmaklygy teklip edildi.

Ýyladyşhana hojalyklarynyň ösdürilmegi ýurdumyzda azyk bolçulygyna getirdi. Häzirki wagtda banan, mandarin, apelsin we beýleki sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça synag işleri dowam edýär. Bu miweleriň öz ýurdumyzda öndürilmegi ilat tarapyndan islegiň ýokary bolmagyna getirer.

Saglyk taýdan iň ýaramly bu miweleriň ýurdumyzda ýetişdirilmegi diýseň guwandyryjy wakadyr.  Bu miweler esasan hem C witamine baýlygy bilen tapawutlanýar. Immun ulgamyny pugtalandyrmak şeýle-de ýokançlardan goramak üçin mandarin we apelsin ýaly miweleriň hyzmaty örän ulydyr.

Gülnur TÄŞLIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok