“International Data Corporation” habar bermegine görä, 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde smartfon satuw hasabatyny ýaýratdy. Çap edilen habara görä, Xiaomi üçünji çärýekde ýene 5 million enjam satyp, “Apple”-den öňe geçmegi başardy.
Neşir edilen hasabatda “Samsung”-yň smartfon bazarynda öňdebaryjy orny eýeleýändigini bellemek gerek.
Başga gözleg kompaniýasy bolan Halkara Maglumat Korporasiýasy hem 2020-nji ýylyň üçünji çärýek hasabatyny çap etdi. Bu iki hasabatyň arasynda käbir tapawutlar bar. IDC tarapyndan neşir edilen hasabata görä, Xiaomi “Apple”-den 5 million töweregi enjamy köp satyp, bazarda üçünji orny eýelemegi başardy.
“Samsung” ýylyň üçünji çärýeginde bazaryň 22,7 göterimine eýe bolmak bilen bu bazardaky ululygyny ýene bir gezek görkezdi. Hindistanda kompaniýanyň iň uly bazary, arzan modelleri we M seriýasyna uly isleg bildirildi, A seriýasy we Note20 we Note20 Ultra bolsa ikinji uly bazar ABŞ-da uly isleg bildirildi.
Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi penşenbe güni çap eden hasabatynda çärýekde 59 milliard dollar girdeji gazanyp, çärýekde iň ýokary girdeji gazanandygyny aýtdy. Şeýle-de bolsa, smartfon dünýäsindäki bäsdeşlik sebäpli dördünji çärýekde satuwlaryň azalmagynyň mümkindigini mälim etdi.
Penji SEÝIDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
Teswirler