ABŞ tehnologiýa ägirdi “Apple” şu ýylyň iýul-sentýabr aýlarynda girdejisini artdyrdy. Kompaniýanyň smartfon satuwy azalsa-da, planşet we kompýuter satuwy artdy.
“Apple”-iň beren beýanyna görä, şu ýylyň iýul-sentýabr aýlaryny balansynda dördünji çärýek hasaplaýan kompaniýanyň girdejisi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1 göterim artyp, 64,7 milliard dollara ýetdi. Kompaniýanyň geçen ýylyň iýul-sentýabr aýlarynda 64 milliard dollar girdeji gazandy.
Geçen ýylyň degişli döwründe 13,7 milliard dollar bolan kompaniýanyň arassa girdejisi 7,4 göterim azaldy we 12,7 milliard dollara ýetdi. Bu döwürde kompaniýanyň paýdan alýan girdejisi 0.76 dollardan 0.73 dollara çenli azaldy.
Bu döwürde “Apple” -iň smartfon satuwy azaldy, planşet we kompýuter satuwy artdy.
Iýul-sentýabr aýlarynda iPhone satuwynyň mukdary geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,7 göterim azaldy we 26,4 milliard dollara ýetdi.
Şol döwürde “iPad” -yň satuwy 45,9 göterim artyp, 6,8 milliard dollara, “Mac”-yň satuwy bolsa 29,2 göterim ýokarlap, 9 milliard dollara ýetdi.
Muhammetguly ATDAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
Teswirler