Bilşimiz ýaly 2014-nji ýyldan başlap her ýylyň 31-nji oktýabry BMG-niň Baş Assembleýasynyň 68/239 karary bilen 2013-nji ýylyň dekabrynda umumy halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni global şäherleşme meselesine çekmek maksady bilen döredilen “Bütindünýä şäherler güni” giňden bellenilýär. Şeýle hem bu kararda dünýädäki şäherleriň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanmak we proses bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň zerurlygy barada-da aýdylýar.
Bu halkara baýramçylygyň adamzadyň iň uly we çylşyrymly döredijiligine bagyşlanandygyny bellemelidiris. Häzirki wagtda dünýä ýurtlarynyň ilatynyň köp bölegi şäherlerde ýaşaýar. Islendik şäheriň durmuş-ykdysady ösüşiniň ilatyň şäherleşmegine baglydygy hiç kim üçin syr däl. Adamlaryň howpsuz, ekologiýa taýdan arassa, ösen infrastrukturaly, hyzmatlaryň hili ýokary bolan şertlerde ýaşamak islegi gün-günden ýokarlanýar. Şonuň üçin esasy şäher hyzmatlaryna deňhukukly we laýyk elýeterliligi üpjün etmek durnukly şäherleşmegiň esaslarynyň biridir. Bu bolsa sosial ykdysady ösüşiň wajyp meseleleriniň biridir.
BMG-niň maglumatlaryna görä häzirki wagtda dünýä ilatynyň ýarysyndan gowragy şäherlerde ýaşaýar we 2050-nji ýyla çenli dünýä ilatynyň 68%-i şäher ilaty bolar. Maglumat üçin aýtsak 1800-nji ýyllaryň başynda ilatyň 2%-i, 1950-nji ýyllarda 30%-i şäherlerde ýaşaýardy. Her gün dünýäniň şäherleri takmynan 180 müňe golaý adam bilen dolýar. Ilatyň ykdysady, jemgyýetçilik we medeni çäreleriniň köpüsiniň şäherlerde jemlenendigi sebäpli, ýaşaýyş, infrastruktura, azyk howpsuzlygy, saglygy goraýyş, bilim, zähmet bazary, daşky gurşaw ýaly durnukly ösüşiň esasy faktorlary ýüze çykýar.
Afrikada we Günorta Aziýada käbir ýurtlaryň şäher ilatynyň köpüsi harabalykda ýaşaýar. Alymlar bolsa, ýakyn 15 ýylyň içinde bu ýurtlardaky şäherleriň sany iki esse artar diýip belleýärler. Häzirki wagtda dünýä derejesinde alanyňda harabalykda ýaşaýan ilatyň sany 900 milliondan geçýär. BMG-y şäher ilatynyň şol sanda harabalyklaryň ýaşaýjylarynyň durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalary işläp düzmek we durmuşa geçirmek ugrundaky tagallalaryna garamazdan, häzirki wagtda garyplygyň köp görnüşleri dowam edýär. Soňky wagtlarda ýer ýüzünde deňsizlik, daşky gurşawyň zaýalanmagy, ilatyň käbir toparlarynyň sosial we ykdysady taýdan aýrylyşmagy hem-de giňişlikdäki bölünişik has hem ösýär. Bu faktorlaryň hemmesi dünýä jemgyýetçiligini şäher we beýleki ilatly punktlaryň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin edýän tagallalaryny artdyrmaga we utgaşdyrmaga mejbur edýär.
Netijeli hereket meýilnamasyny düzmek we onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek üçin BMG her 20 ýyldan ýaşalýan ýerler, şäherler barada konferensiýa geçirýär. Bu konferensiýalaryň ilkinjisi Habitat-1 ady bilen, 1976-njy ýylda Wankuwerda, soňra 1996-njy ýylda Stambulda (Habitat-2) bolup geçdi. 2016-njy ýylda bolsa Ekwadoryň Kuito şäherinde halkara jemgyýetçiligi tarapyndan BMG-niň ýaşaýyş jaý we durnukly şäher ösüşi hakynda (Habitat-3), konfrensiýasy geçirilýär.
Ýene-de belläp geçmeli zatlaryň biri her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde halkara derejesinde Bütindünýä ekiz şäherleri güni hem giňden bellenilip geçilýär. Bu sene 1957-nji ýylda döredilen Bütindünýä şäherler federasiýasynyň karary bilen geçirilýär. Bütindünýä şäherler federasiýasy halkara hökümete degişli bolmadyk guramadyr, esasy maksady dürli şäherleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek bolup durýar.
Bütindünýä şäherler gününiň esasy maksatlary:
- Sanly innowasiýalaryň durmuş hyzmatlaryny we şäher gurşawynynyň ýagdaýyny gowulandyrmak üçin şäher hyzmatlarynda nähili ulanyp boljakdygyna düşünmek.
- Diskriminasiýa däl ösüş tejribesini paýlaşmak üçin şäherleriň arasynda täze ösen tehnologiýalary ulanmagyň geljegi uly tejribelerine ünsi çekmek.
- Şäherlerde täzelenip bilýän çeşmelerden energiýa öndürmek mümkinçiligini giňeltmek.
Seýli ARYŞOW ,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistika fakultetiniň talyby
Teswirler