Belki her gün däl, ýöne bir gün bütin ömrümizi halas edip biljek käbir programmalar bar. Ýer titremelerinde, suw joşmalarynda ýa-da şuňa meňzeş tebigy betbagtçylyklarda hökman siziň işiňize ýarajak programmalaryň sanawy kesgitlenildi.
- Bridgefy:
“Bridgefy” programmasy aslynda habarlaşma programmasydyr, Bluetooth arkaly habarlaşmak üçin bu programma, 100 metr aralykda adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär. Programmany göçürip alanyňyzda, internetde öz profiliňizi döredersiňiz, şondan soň hiç kim goşmazdan ýanyňyzdaky beýleki ulanyjylar bilen awtomatiki aragatnaşyk gurup bilersiňiz.
- Whistle:
Elbetde, köpümiz sygyryp bilmeýäris, ýöne köplenç telefonlarymyz ýanymyzda. Gyssagly ýagdaýa düşeniňizde ses çykaryp bilýän programmany göçürip alsaňyz, telefonyňyz iň ýokary derejede ýokary ses çykarar. Sizi tapmak aňsat bolar.
- HeyTell
Maglumatlaryň az ulanylmagy bilen işleýän bu programmanyň kömegi bilen ýerleşýän ýeriňizi isleýän adamlar bilen paýlaşyp bilersiňiz.
- Red Panic Button
Howsala düwmesi bilen, ýerleşýän ýeriňiz baradaky maglumat SMS ýa-da e-poçta hökmünde saýlan adamlaryňyzyň telefon belgilerine iberiler. Diňe tebigy betbagtçylyklar üçin däl, beýleki howplar üçin hem ulanylyp bilner.
- Güvendesin
IOS programmasy arkaly girip bolýan Güvendesin programmasy, söýýän adamlaryňyza howpsuzdygyňyzy habar bermek üçin ulanylyp bilner.
Güller ATAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
Teswirler