Alymlar seýrek duşýan bir asteroidiň Ýeriň eredilen ýadrosy baradaky syrlara jogap berip biljekdigini pikir edýärler. Mundan başga-da, bu asteroidiň bahasynyň 10 müň kwadrillion dollardygy aýdylýar.
Ýaşaýan planetamyz hakda henizem çözülip bilinjek tapmalar gaty köp we bu tapmalaryň käbir jogaplary kosmosa göz aýlamagy talap edýär. Bu jogaplaryň biri, Günden üç esse uzakda ýerleşýän demir asteroiddeligi çaklanylýar.
“Planet Science Science” žurnalynda çap edilen gözlegde, Hubble teleskop maglumatlary bilen öwrenilen bu asteroid, Ýeriň eredilen ýadrosy baradaky syrlary açar öýdülýär.
Mars bilen Ýupiteriň arasynda ýerleşýän “Asteroid 16 Psyche” Gün ulgamyndaky asteroid kemerindäki iň uly jisimleriň biridir. Asteroidiň diametri takmynan 225 km. Psihiň düzümi belli däl, ýöne alymlar munuň esasan demirden we nikelden ybaratdygyny görýärler. Şol ululykdaky demiriň bahasynyň 10 müň kwadrillion dollar bolup biljekdigi aýdylýar.
Alymlar Psihiň mantiýasyny ýitiren irki planetanyň metal ýadrosy bolmagy mümkin diýip hasaplaýarlar. NASA bu asteroidi has ýakyndan öwrenmek we düzümine has gowy düşünmek üçin 2022-nji ýylda pilotsyz kosmos gämisini iberer.
Mundan başga-da, neşir edilen täze gözlegde Psih Hubble teleskopy arkaly öwrenildi. Ultramelewşe synaglary geçirildi.
Mekan AKYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
Teswirler