Ýewropanyň kosmos gullugy 2025-nji ýylda kosmos hapalaryny arassalamak wezipesini ýerine ýetirer.

Ýewropa kosmos gullugy, Şweýsariýanyň, ClearSpace bilen bilelikde 2025-nji ýylda kosmos hapalaryny ýygnamak işine başlar. Kosmos gullugy missiýa wagtynda emeli intellektden uly kömek alar.

Häzirki wagtda atmosferamyzyň daşynda ýerleşýän hemra we kosmos gämileriniň kömegi bilen internete girýäris, gözleg geçirýäris ýa-da telewizorlara tomaşa edýäris. Emma könelişen bölekleriň köpüsi planetamyzy aýlamagy dowam etdirýär.

Hasaplamalara görä, Ýeriň orbitasynda 10 santimetrden uly 34 müň kosmos galyndylary bar. Uly we kiçi kosmos hapalary, gurşundan 10 esse çalt hereket edýär, kosmos gämilerine we beýleki gurluşlara howp salýar. Hatda Halkara kosmos stansiýasy hem soňky hepdelerde mejbury gaçmak çäresini amala aşyrdy.
Kosmos hapalarynyň sanynyň köpelmegi bilen töwekgelçilik artýar. Şonuň üçin Ýewropanyň kosmos gullugy öz kalendaryna kosmos hapalarynyň käbirini aýyrmak wezipesini goýdy. Kosmos gullugynyň täze wezipesi ClearSpace-1 (Arassa giňişlik-1) diýlip atlandyryldy. Hemme zat gowy bolsa, bu işe 2025-nji ýylda başlanar.

Ýewropanyň kosmos gullugy bu tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin ýagny arassalamak üçin emeli intellekt ulanar. Agentlik Şweýsariýaly başlangyç ClearSpace tarapyndan işlenip düzülen tehnologiýadan peýdalanar. Wezipe wagtynda kosmosa iberilen kosmiki gämi emeli intellektual kamerasy bilen tapylar.

Dilwer ÇARYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok