Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 25 million düýp agaç ekiler

Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli, şu ýyl ýurdumyzda jemi 25 million düýp bag nahallary ekiler. Bu barada degişli karara Türkmenistanyň Prezidenti 29-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň çäginde 2020-nji ýylyň güýzki möwsüminde ekilmegi bellenen 10 million düýp nahala goşmaça 15 million düýp saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahalyny ekmek ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň häkimligine, welaýatlaryň häkimliklerine tabşyryldy.

Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleri miweli bag we üzüm nahallarynyň aýratyn kesgitlenen ýer böleklerinde görnüşleri boýunça ekilmegini hem-de ekilen saýaly, pürli, miweli bag we üzüm nahallarynyň damjalaýyn usulda suwarylmagyny üpjün etmäge borçly edildi.

Şeýle hem resminama bilen Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerini ýeterlik mukdarda üzüm we 3 ýyllyk bag nahallary bilen üpjün etmek, şeýle hem şolaryň ekilişine we ideg edilişine gözegçilik etmek tabşyryldy.

Gülälek Şamanowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok