Makmaster uniwersitetiniň gözlegçileri ýangyn söndürijileriň, polat işleýänleriň, magdançylaryň we beýlekileriň başga ýerlerini görüp bolmaýan kyn we töwekgelçilikli şertlerde hereketlerini yzarlap bilýän ýangyna çydamly datçikleri döretdiler. El sagady batareýasynyň ululygyndaky arzan datçikler, köplenç hereket we aragatnaşyk bolan ýerinde, datçigi güýçlendirmek üçin zerur bolan energiýa öndürmek üçin ýeterlik aýakgap dabanyna ýa-da ýeňine aňsatlyk bilen ornaşdyrylýar. Detektor triboelektrik zarýadynda, ýagny sürtülme energiýasynda, adam jorapda halyda gezip, statiki elektrik toplan ýaly işleýär.
Täzelik, ýanýan binada, magdan ýa-da beýleki howply gurşawda adamyň hereketine we ýerleşişine gözegçilik edýär, hereket dursa ýokarky gatda signal iberýär. Sensor täze uglerod-howa nanokompozitinden ýasaldy. Oda çydamly we daşarky güýç çeşmesine mätäç däl. Professor Rawi Şelwaganapati: “ýangyn söndüriji birden huşuny ýitirse, datçik ony tapmaga kömek eder” -diýdi. – Sensoryň işlemegi üçin batareýa talap etmeýändigi bellärliklidir. Gözlegleriň netijeleri Nano Energy neşirinde çap edildi.
Hakykatdanam datçik otdan gorkmaýar.
Gözlegçiler köne enjamlaryň hem batareýalarsyz işleýändigini, ýöne ýokary temperatura çydap bilmejekdigini bellediler, datçigimiz bolsa 300 gradus Selsiýada – agaç ýakylýan temperaturada işleýänligi mälim edildi.
– Geljekde adam ömrüni halas etjek bir zat etmek gowy zat diýip , eseriň awtory doktor Yslam Hasan sözüni jemledi. Indi alymlar oýlap tapyşy bazara çykarmak üçin hyzmatdaş gözleýärler.
Arslan JUMAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.
Teswirler