Ozon gatlagy ýa-da ozonosfera – stratosferanyň (Ýer atmosferasynyň ikinji gatlagynyň) bir bölegi bolup, ol O3 tebigy gazyndan durýar we Ýerden 25-40 km beýiklikde ýerleşýär. Janly jandarlary, şol sanda adamlary hem goraýan bu howa gatlagy Günden gelýän ultramelewşe şöhleleriň energiýasynyň zyýanly täsirini ýeterlik mukdarda azaldyp, planetany zyýanly şöhlelenmelerden goraýar. Ozon kislorodyň üç atomly O3 molekulasynyň allotropiki modifikasiýasyndan durýar. Ozon gatlagynyň ýaşy Ýeriňki bilen deňdir. Diýmek, ilkinji kislorod döredýän (toplaýan) bedenler emele geleninden soň, Ýer atmosferasyndaky kislorod Günüň ultramelewşe şöhlelenmesiniň täsirinde bolup, O3 ozon gatlagyny emele getiripdir. Munuň netijesinde bolsa, ultramelewşe şöhleler Ýeriň üstüne az mukdarda täsir edipdirler we planetada çylşyrymly gurluşlaryň, şol sanda adamyň emele gelmegine hem sebäp bolupdyr.
Gysga tolkunly ultramelewşe şöhleleriniň energiýasy Ýeriň ozon gatlagyna siňýär we moleku-lalaryň belli bir bölegi ionlaşyp, kislorodyň dargamagyna getirýär we onuň durnuklylgyna päsgelçilik döredýär. Tolkun uzynlygynyň kiçelmesi netijesinde siňme koeffisiýenti ulalyp, şöhlelenmäniň madda bolan täsiri artýar. Ozon konsentrasiýasynyň peselýän ýerlerinde onuň gowşak bolýandygy üçin Gün şöhlelenmesiniň akymy ulalyp, ultramelewşe şöhleler päsgelçiliksiz geçýär. Bu bolsa ýaşaýşyň ýok bolup gitmegine sebäp bolýar. Adamzadyň täsirinde ozonosfera köp zyýan ýetirilýär. Olaryň biri-de, ozonosferada deşikleriň, ýagny, ozonyň ýok edilen ýerleriniň emele gelmegidir. Ozon gatlagynyň deşikleriniň adama ýetirýän täsiri ilkinji nobatda deride rak keseliniň döremegine getirýär. Gün şöhlelenmesinde ultramelewşe ýa-da gysgatolkunly şöhleleriň bolmagy adam ýaşaýşy üçin örän howplydyr. Bu şöhleler uly siňijilige eýedirler. Olaryň içinden käbirleri adamyň endamyndan geçip, içki synalaryna zyýan ýetirip bilýärler. Ultramelewşe şöhleler endamy örän ýeňillik bilen zaýalaýarlar we adamyň derisinde rak keseleniň döremegine getirýär. Adam immunitetiniň peselmegi onuň ultramelewşe şöhlelerden goraýjy mehanizminiň bardygyny aňladýar.
Ozon gatlagynyň ýukalmasy we Gün şöhlelenmesiniň ummasyz köp mukdardaky akymy Ýerde temperaturanyň ýokarlanmagyna, onuň netijesinde polýar buzlarynyň ermegine, dünýä okeanlarynyň suwlarynyň köpelmegine we gury ýerleri suwuň basmagyna getirip biler. Klimatyň gyzmagynyň ýene-de bir sebäbi, Ýer atmosferasyna kömürturşy gazyň köp mukdarda goýberilmegidir. Ol Ýerde ýaşaýş şertlerinde ýüze çykýan galyndy görnüşinde, köplenç ýangyç ýananda döreýär. Kömürturşy gazy ýeriň ýylylygynyň älem giňişigine gitmegini azaldýan gatlagy döredýär. Ozon gatlagynyň zaýalanmasy ösümlikleriň boý almasyny haýalladyp, organizmleriň genetiki gurluşyny bozup, azot ýygnaýjy bakteriýalary ýok edip, hasyly peseldip biler. Gözegçilikler ozon gatlagynyň 25%-e çenli zaýalanmasynyň deňizlerdäki suw ösümlikleriniň 10%-niň ýok bolup gitmeginiň mümkindigini tassyklaýarlar.
Ozon gatlagynda ýüze çykan deşik ilkinji gezek Günorta ýarymtogalakdaky Antraktikada synag geçiriji BAS topar tarapyndan geçen asyryň 70-nji ýyllarynda anyklanyldy. 1985-nji ýylda ozondaky deşik çözmesi kyn meseläni orta atdy. Ilkibaşda alymlar ölçeýji abzallar zaýalanandyr diýip pikir etdiler. Soňra olar täze ölçeýji abzallary ulanyp, gözegçiligi täzeden geçirdiler, şonda hem öňki netijäni ýüze çykardylar. Birnäçe aý geçenden soňra deşik aýdyňlaşyp başlapdy. 1980-nji ýylda ozon gatlagy Ýeriň demirgazyk böleginde 15%-den 20%-e çenli azalypdyr. Şondan soňra 2006-njy ýylda Ozon gatlagy öňküsinden-de ýukaldy. Ýöne has howplusy Aeronawtikanyň Halkara Dolandyrylyşynyň we ABŞ-nyň NASA kosmiki gözegçilik guramasynyň “2065-nji ýyla çenli ozon gatlagy Günorta ýarymtogalakda däl-de, planetanyň ähli ýerlerinde hem ýiter” diýip beren doklady bolupdy. Şeýlelikde, ozon gatlagyndaky deşigiň ulalmagy Ýerdäki ähli janly-jandarlary ýok etmek howpuny döretdi. Alymlaryň pikirine görä, ozon gatlagynyň ýukalmagynyň esasy sebäpleri Ýeriň atmosferasynda termoýadro bombalarnyň synag üçin ýarylmalary, wulkanlaryň atylmalary, esasysy hem, hlorftoruglerodlaryň (olar CFC diýip atlandyrylýarlar) köp ulanylmagy bolup durýar. 1974-nji ýylda hlorftoruglerodyň önümi bolan , sowadyjylarda, kondisionerlerde (howany kadalaşdyryjylarda), howa –suwuklyk garyndysyny pürkdüriji aerozol gapjagazlarynda ulanylýan freonyň ozon gatlagyny güýçli zaýalaýandygy anyklandy. Dezorantly, ýa-da saça sepilýän lakly gapjagazlar her gezek ulanylanda şeýle hem sowadyjylardan syzylmak netijesinde howa freon goýberilýär. Freonyň molekulalary atmosferanyň ýokarky gatlaklaryna göterilip, ozonyň molekulalary bilen täsirleşýärler.
Gün şöhlelenmesiniň täsiri netijesinde freon hlory bölüp çykarýar, ol bolsa ozony adaty kisloroda dargadýar. Şeýle täsiriň ýüze çykan giňişliginde ozon gatlagy dargap, ýok bolýar, netijede ozon gatlagynyň deşigi emele gelýär. Hloryň her bir boşan atomy, Ýere ýetýänçä ozonyň ýüz müň molekulasyny ýok edýär. Şu sebäplere görä, atlary ýokarda agzalan ozon zaýalaýjy enjamlar köp ýurtlarda gadagan edildi ýa-da azaldyldy. Bulary ulanmagy 1978-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Şwesiýa öz ýurdunda ilkinji bolup gadagan etdi.
1985-nji ýylda BMG-ynda ozon gatlagyny goramak barada Wena konwensiýasy tassyklandy, soňra, 1987-nji ýylda Monreal protokolyna gol goýuldy. Bu protokolyň esasynda dünýäniň ösen ýurtlary ozony zaýalaýan, ýagny CFC, galogenleri we dörthlorly uglerodly maddalary öndürmezlige we olary ulanmazlyga borçlandylar. Hünärmenleriň pikine görä, Wena konwensiýasyna we Monreal protokolyna agza ýurtlar öz üstlerine alan borçlaryny berjaý edip, kesgitlenen wagtda ozony dargadyjy
maddalary ulanmaklaryny bes etseler, ozon gatlagynyň ýagdaýy tebigy esasda özüniň kadaly halyna gelip biler we adamyň täsirinde emele gelen ozon deşikleri aýrylyp, gatlak kadalaşar. Elbetde, ozon gatlagynyň deşikleriniň ýitmegi üçin amatly şertlerde 50 ýyldan az bolmadyk möhlet gerek bolar.
Daşky gurşawy goramagyň halkara güni mynasybetli, Mähriban ýurdumyzyň her bir raýatyny daşky gurşawa aýawly çemeleşmäge çagyrýarys. Daşky gurşawyň arassalygy adam bedeniniň saglygyna hem uly täsiri bardyr.
Rejep ARTYKOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň dosenti,
fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty.
Teswirler