«Küştdepdi» türkmen milli aýdymynyň we tansynyň tanyşdyrylyşy TÜRKSOÝ-yň gatnaşmagynda geçiriler

29-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa Döwlet Baştutanymyza ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň Bütindünýä sanawyna girizilen «Küştdepdi» türkmen milli aýdymyny we tansyny türki dilli döwletleriň zehinli aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň ýerine ýetirmeginde ýazgy edilen wideogörnüşleriniň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Bu çäre Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň çäklerinde geçiriler. Ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiriljek dabara Türki dilli halklarynyň medeniýet we sungat guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretarynyň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäde halkymyzyň baý milli taryhy-medeni mirasyny we onuň aýrylmaz bölegi bolan ajaýyp küştdepdini giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdirilmeginiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň doganlyk döwletler bilen medeni gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de baýlaşmagyna gönükdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Mähri Erkeşliýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok