Kaka hem-de Wekilbazar etraplarynda banan we sitrus önümleri ösdürilip ýetişdiriler

29-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow Döwlet Baştutanymyza Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň hem-de Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýyladyşhanalary gurmak teklibi bilen hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Ýyladyşhanalaryň taslamalaryna laýyklykda, olar häzirki zaman suwaryş usullaryny ulanmakda täzeçil enjamlar bilen üpjün ediler. Toplanan tejribeleri nazara almak bilen, banan, mandarin, apelsin we beýleki sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça synag işlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekeçiligiň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini giňeltmäge, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga we önümçiligiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi kemala getirmek, banan we beýleki sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça taslamalary makullap, halkara söwdasynda, harytlary ugratmakda dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmek, daşarky bazaryň isleglerini öwrenmek meseleleriniň wajypdygyny belledi hem-de döwletimiziň orta we kiçi telekeçilige giňden goldaw bermek syýasatyny dowam etjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişi tabşyryklary berdi.

Aýgül Ýagşymyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok