Gerwin Maag Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty barada nemes dilinde çykyş etdi

2020-nji ýylyň 29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp “Türkmenistan-BMG: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna” atly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly okuw sapagy geçirildi.

Sapagyň dowamynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk geçen taryhy ýolunyň esasy ugurlary we bu ugurda alyp barýan hoşniýetli syýasaty, goňşy döwletlere berýän ynsanperwer kömekleri Bitaraplygymyzyň gazananlary dogrusynda agzalyp geçildi.

Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk syýasaty diňe bir sebitde däl, eýsem dünýäde parahatçylygy we asudalygy pugtalandyrmakda uly hyzmat edýär, diýip yokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary belläp geçdiler.

Şeýle-de online görnüşde geçen bu köptaraplaýyn sapakda HGI-niň mugallymy Gerwin Maag nemes dilinde çykyş etdi.

Okuw sapagynyň ahyrynda talyp ýaşlaryň sowallaryna jogap berildi.

Teswirler

Ширин Меретдурдыевна Жожыева

Ну и туркменский язык у вас, просто жесть. Я понимаю пишут студенты но редакция же должна как-то в нормальный вид привести. что это такое: Şeýle-de interaktiw görüşde geçen bu köptaraplaýyn sapakda HGI-niň mugallymy Gerwin Maag tarapyndan nemes dilinde çykyş etdi. Причем здесь слово тарапындан? что этот учитель посредством кого-то ли чего-то выступал? Ребята, не портьте наш родной язык! Это просьба…