Akmaýanyň ýoly” galaktikasynda 300 milliondan gowrak ýaşap bolar ýaly planetalaryň barlygy anyklanyldy.

NASA-nyň paýlaşan makalasyna görä, Kepler kosmos teleskopy biziň galaktikamyzda şu wagta çenli 300 million töweregi ýaşap boljak planetany tapdy. Mundan başga-da, bu san planetar gözleglerinde kesgitlenen çäklendirmeler sebäpli azaldy.

Häzirki wagtda gyzykly soraglaryň biri, beýleki planetalarda ýaşaýşyň bardygy ýa-da ýokdugy. Bu soraga jogap entek anyk tapylmasa-da, gözlegçiler doly tizlikde ýaşaýyş bolup biljek planetalary tapmagy dowam etdirýärler.

Başga bir tarapdan, Ýer ýaly ýyldyzdan uzakda ýaşaýyş üçin bir planetanyň bardygy ýa-da ýokdugy geň galaýmaly bir zat. Bu soraga jogap, planetany gözlemek başdan geçirmelerinde gözlegçileriň iň uly kömekçilerinden biri bolan Kepler kosmos teleskopy tarapyndan berildi.
2009-njy ýylda kosmosa uçurylan “Kepler” kosmos teleskopy, hereketlendirijileri ýangyç gutaranda, 2018-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda işini bes etdi. Emma teleskop, adamyň ýaşaýyşyny gözläp gutaryp bolmajak derejede ýaşap boljak bir planetany tapmagy başardy.

Millionlarça planetany açan Kepler teleskopy, Ýere meňzeş 300 million töweregi planetany tapdy. Bu planetalar edil Ýer ýaly daş we ýaşap bolma mümkinçiligi bar. Elbetde, Kepler tarapyndan açylan bu 300 milliondan gowrak planetada ýaşaýyşyň döremegi mümkin diýip çaklaýarlar.

Patma AŞYROWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok