ACA-nyň birinji agyr agramdaky çempiony Döwletjan Ýagşymyradow gurama bilen hyzmatdaşlygyny bes etdi. Bu barada türkmen türgeni ММАТИКА ýaýlymyna beren beýanatynda mälim etdi.
Bellenilişi ýaly, türgen bilen bu guramanyň arasyndaky şertnamanyň möhleti tamamlandy. Ikitaraplaýyn ylalaşyga görä, şertnamanyň möhletini uzaltmazlyk kararyna gelindi.
Häzirki wagtda Döwletjan Ýagşymyradow öz sport ýoluny geljekde nirede dowam etmelidigi baradaky meseläni çözýär. Ol Birleşen Arap Emirliklerinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolmak bilen, ýakynda bu ýerde — «söweşijiler adasynda» geçirilen UFC 254 bäsleşiginiň söweşleriniň gözli şaýady boldy. Munuň özi onuň bu guramada güýjini synap görmek hyýalyndadygyny ýene bir gezek görkezdi. Türkmen türgeniniň özi hem muny inkär edenok. «ACA-da maňa örän gowy şertleri hödürlediler. Näme üçin UFC geçesim gelýär? Men täze taryh ýazmagyň hyýalynda, UFC çykyş etjek ilkinji türkmen türgeni bolmak, ilkinjileriň biri bolup çempionlygy gazanmak isleýärin. Çempion bolmaga örän uly mümkinçiligim bar. Eger UFC bilen şertnama baglaşsam bäsdeşlikli ýagdaýy döredip biljekdigime ynanýaryn…»
Garyşyk söweş sungatynyň 31 ýaşly ussady Döwletjan Ýagşymyradowyň 2018-nji ýylda russiýaly Batraz Agnaýewi ýeňip, ACA-nyň çempionlyk guşagyny eýeländigini ýatladýarys. 2019-njy ýylda bolsa eýýäm bu guramanyň çempiony hökmünde öz çempionlyk guşagyny gorady. Şol ýylyň fewralynda Polşada ýerli Karol Selinskini, dekabrynda bolsa, russiýaly Alekseý Butorini ýeňlişe sezewar edipdi.
Şöhrat Akmämmedow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Teswirler