“US News Global 2021” özüniň okuwlary we abraýy bilen tapawutlanýan iň gowy uniwersitetleriň sanawyny yglan etdi. Dünýädäki Garward we Bosfor uniwersitetleri sanawyň başyny çekýär.
Akademiki gözlegleriň netijesi, global we sebitdäki abraýly 80-den gowrak ýurtda hereket edýän uniwersitetlere baha berýän “US News Global” 2021-nji ýylyň iň gowy uniwersitetleriniň sanawyny yglan etdi.
Sanawyň, talyplaryň öz ýurtlarynyň çäginden daşarda ýokary bilim mümkinçiliklerini öwrenip we mekdepleriň gözleg işlerini deňeşdirip bilmekleri üçin taýýarlanandygyny mälim eden ABŞ News Global, netijede dünýäniň iň gowy 1500 uniwersitetini açandygyny mälim etdi.
Sanawyň ilkinji dörtlügine seredenimizde, Garward uniwersitetini, Massaçusets tehnologiýa institutyny, Stenford uniwersitetini we Kaliforniýa uniwersitetini görýär mek bolýar. Bularyň hemmesi ABŞ-nyň uniwersitetleri. Angliýaly Oksford uniwersiteti 5-nji orny eýelemegi başardy. Sanawdaky iň gowy 10 uniwersitetiň 8-siniň ABŞ-da bolmagy bellärliklidir.
ABŞ News Global-yň habaryna görä dünýäniň iň gowy 10 uniwersiteti:
- Garward uniwersiteti – Global bal: 100.0
- Massaçusets tehnologiýa instituty – Global bal: 97.9
- Stenford uniwersiteti – Global bal: 95.3
- Kaliforniýa uniwersiteti – Global bal: 89.8
- Oksford uniwersiteti – Global bal: 87.0
- Kolumbiýa uniwersiteti – Global bal: 86.7
- Kaliforniýa Tehnologiýa Instituty – Global bal: 86.3
- Waşington uniwersiteti – Global bal: 86.0
- Kembrij uniwersiteti – Global bal: 85.8
- Jon Hopkins uniwersiteti – Global bal: 85.1
Gülbahar KERKIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Teswirler
Kembrij Amerikada däl de Ýaponiýada ýerleşýär