Vestel” 4K Ultra HD Android telewizorlaryny satyşa çykardy.

“Vestel” iň kämil ösen aýratynlyklary bolan telewizorlaryny ýagny “Android TV” modellerini bazara çykaryldy. 6 dürli ekran ululygynda sekiz dürli modeli bolan “Vestel Android” telewizorlary, ähli sarp edijileri özüne çekmegi başardy.

Türkiýäniň iň uly tehnologiýa markalarynyň biri bolan “Vestel” geçen ýylky “Mobil World” kongresinde täze “Android TV” modelini hödürledi. Ses buýrugy goldawly, Google Assistent goldawly we gurlan Chromecast ýaly Bluetooth bilen işleýän pult ýaly ajaýyp aýratynlyklary hödürleýän Android TV, Vesteliň teleýaýlym pudagynda täze gornüşlerini açyp görkezýär.

Esasanam gurlan Chromecast goldawy Vestel Android TV-ni hakyky multimediýa enjamyna öwürýär. Sebäbi ulanyjylar Chromecast goldawy sebäpli gönüden-göni ykjam enjamlaryndan telewizora media ýa-da ekran suratlaryny proýektirläp bilerler. Şeýle hem, “Vestel Android TV” -niň ähli howpsuzlyk, Google we Netflix ygtyýarnamalarynyň bardygyny aýdalyň.

“Google” salgylanma + platformasynyň kömegi bilen “Vestel Android TV” ulanyjylara dürli funksiýalary hödürleýän 3 müňden gowrak programma bilen hakykatdanam ullakan smartfon tejribesini ýadyňa salýar. Şeýle hem, isleýän programmaňyzy aňsatlyk bilen gurnap bilersiňiz, enjamda 4 GB içerki ýat mümkinçiligi bar.

43 dýuýmdan 65 dýuýma çenli 6 dürli ekran ululygy bolan “Vestel Android TV” ähli modellerde 4K Ultra HD çözgüdi hödürleýär.

Rejep JUMAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok