“EOS-X Space” ýagny, Ispaniýanyň kompaniýasy şar bilen kosmosa syýahat etmrek üçin üçin geň-galdyryjy usuly işläp taýýarlaýar. Şeýlekde, “EOS-X Space” kompaniýasynyň ýolbaşçylary tarapyndan geljek on ýylyň dowamynda kosmosa 10 müň adamy çykarmagy göz öňünde tutunýarlar. Häzirki wagtda “Blue Origin”, “Virgin Atlantic” we “SpaceX” ýaly birnäçe kompaniýalar kosmosa syýahatçylygy ýola goýmagyň üstünde işleýärler. Mundan başga-da, bu kompaniýalar diňe bir kosmos giňişligine däl, eýsem beýleki asman jisimlerine, planetalaryna hem gatnawlary ýola goýmagy maksat edinýärler. Emma, Ispaniýanyň “EOS-X Space” kompaniýasy bolsa, beýleki kompaniýalardan tapawutlylykda raketalar bilen däl-de, kosmosa şar bilen çykylmagyň üstünde işleýärler. Şaryň kömegi bilen, ýolagçylar ýerden 40 kilometr belentlige basyşly kapsula arkaly çykarlar. Şeýlelikde, ýolagçylar kapsulanyň içindäki basyş kadaly ýagdaýda saklanýandygy sebäpli, aýratyn eşige hem-de kislorod ballonyna zerurlyk duýmazlar. Şar bilen kosmosa syýahatyň dowamlylygy 4-5 sagat bolup, ilkinji gezek bu uçuşy 2023-nji ýylda ýola goýulmaga garaşylýar. Mundan başga-da, ýolagçylar bu täsin syýahatyň üsti bilen Ýeriň togalakdygyny has aýdyň görmägi gazanarlar.
Gazakowa BAHAR,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler