Futzal ligasynyň jemleýji dördünji tapgyry badalga alar

30-njy oktýabrda Türkmenistanyň 2020-nji ýyldaky futzal çempionatynyň jemleýji dördünji tapgyry dört oýun bilen başlanar. Bu barada FFT-iň resmi web sahypasy habar berýär.

Bu möwsümde futzal boýunça milli çempionatda 8 topar çykyş edýär. Ýaryşyň dört tapgyrda geçirilýändigini bellemek gerek. Çempionatyň netijelerine görä, Türkmenistanyň iň gowy topary Aziýa klub ýaryşynda — AFK-2021 Futzal Çempionlar ligasynda oýnamak hukugyna eýe bolar.

Geçirilen üç aýlawyň jemi boýunça 55 utuk toplan “Köpetdag” topary birinji orny eýeleýär. 40 hem-de 38 utukdan toplan “Senagatbank” bilen “Migrasiýa” toparlary ikinji, üçünji orunlary eýeleýärler.

“Köpetdag” toparynyň oýunçysy Mülkaman Annagulyýew derwezelere geçiren 44 topy bilen iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdäki orny eýeleýär.

Şanazar Durdyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok