28-nji oktýabr paýtagtymyzda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumyň açylyş dabarasy boldy. Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen toý bagyny kesip, düzümleýin desgalar toplumyny açýar. Şol pursatda asmana dürli reňkli howa şarlary uçurylýar. Milli Liderimiz awtoulagyna münüp, ulanmaga berlen tonnelden geçdi, soňra merkezinde «Mahabat» binasy oturdylan aýlawly çatrykdan aýlanyp, paýtagtymyzyň uly ýollarynyň ikisiniň täzelenen ugry boýunça hereketiň açylmagyna badalga berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli toplumyň taslamasyny düzmek we gurmak, şol sanda ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak hem-de eltiji inženerçilik kommunikasiýalaryny çekmek türkmen telekeçilerine ynanyldy.
Paýtagtymyzda täze gurlan ýol-ulag düzüminiň desgalar toplumy 4,5 gektar meýdanda ýerleşdirildi. Gurluşygyň umumy meýdany 44 340,95 inedördül metre deň boldy. Ýerasty geçelgäniň uzynlygy 350 metre barabardyr.
Şeýlelikde, S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgäniň üstünde özboluşly kub görnüşindäki «Mahabat» binasy oturdylyp, onuň boýy we ini 16 metre barabardyr. Binanyň granlary Oguz hanyň ýyldyzy görnüşinde ýerine ýetirilip, onda oturdylan wideoekranlarda dürli mahabatlar we beýleki maglumatlar görkeziler. Binanyň 5 metrlik sütünini hasaba almak bilen, onuň umumy beýikligi 21 metre barabardyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbine sazlaşykly goşulan ulag-kommunikasiýa düzüminiň desgalar toplumyny gözden geçirip, ulanmaga berlen awtoulag tonneli boýunça geçip barýan gelnalyjyny synlady.
Onuň yzysüre tonnel boýunça çagalary alyp barýan awtobuslar geçdi. Täze ýoluň aşagyndan çekilen geçelge boýunça ilkinjileriň hatarynda geçmek olarda uly kanagatlanma duýgusyny döretdi. Awtobuslaryň yzysüre bu ýerden awtoulaglaryň akymy ýola düşdi.
Mekan Çaryýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Teswirler