Ahal welaýatynda güýzlük bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär. Bu wajyp oba hojalyk möwsüminde sebitiň «Gökdepe», «Ak Bugdaý» we «Sarahs» etraplarynyň babadaýhanlary we mehanizatorlary öňde barýarlar.
Welaýatyň gallaçylary, esasan, «Kalym», «Batko», «Bagrat», «Sahraýy», «Irişka», «Berkarar», «Garaşsyzlyk», «Bagtyýar» görnüşli bugdaý tohumlaryny ulandylar. 22,696 saýlama tohumlyk bugdaý ösdürilip ýetişdiriler, belli bolşy ýaly öz wagtynda geçirilen ekiş we agrotehniki talaplara laýyk gelýän soňraky ideg bol hasylyň hem ýokary girdejiniň girewidir.
Ekiş möwsüminde öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalary ulanyldy. Olar ýokary hilli, kuwwatly traktorlar we ekiş tehnikalardyr. Bu tehnikalaryň bökdençsiz işlemegi 100 töweregi abatlaýyş-bejeriş ussahanalary tarapyndan üpjün edildi.
Ekiş möwsümini ilkinji bolup tamamlan kärendeçiler oňat gögeriş aldylar. Häzirki günlerde olar güýzki agrotehniki çäreleri geçirýärler. Ahal welaýatynyň gallaçylary 2021-nji ýylda ýurdumyzyň galla harmanyna 400 müň tonna bugdaý tabşyrmagy maksat edinýärler.
Tawus Annaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
Teswirler