Ýere düşen meteorit daşynda bozulman galan organiki birleşmeler tapyldy.

Alymlar öz gözlegleri baradaky gyzykly maglumaty, 2018-nji ýylda Ýere düşen meteorit bölegi barada neşir etdiler. Bu meteoritiň iň möhüm tarapy, bozulman galan organiki birleşmeleriň barlygy bolup durýar.

2018-nji ýylda ABŞ-nyň Miçigan ştatynda doňan köle ýanyp duran meteorit daşy gaçdy. Alymlar bölekleriň nirelere düşendigini anyklamak üçin radar ulandylar, meteorit awçylary bolsa suwuk suw bilen täsirleşmezden we himiki gurluşy ýaramazlaşmazdan öňürti bu  meteoridi tapmagy başardylar.
“Meteoritics & Planetary Science” žurnalynda çap edilen täze gözleg alymlara bu kosmos gaýalarynyň kosmosda nähili görünýändigi barada düşünje berdi. Mundan başga-da, bu ýaşaýşyň döreýşi barada bir zat aýdyp biljek bitewi organiki birleşmeleri öz içine alýar.  

“Bu asman daşy gysgaça aýdylanda ýaşaýyşyň gelip çykyşyny düşündirmäge kömek edip biler.”

Gözlegiň esasy hünärmeni Dr. Filip Hek bu meteoritiň doňan köle düşendigi we çalt gursebäpli aýratyndygyny aýtdy. Hek: “Şeýle asman jisimleri Ýere degip, ýaşaýyşyň başlamagyna goşant goşan bolmagy ähtimal” -diýdi.
Meteoritler ýa-da asman jisimleri, kosmosda bölünýän asteroidleriň bölekleri bolup durýar. Bu meteoritler kosmosda uçmagyny dowam etdirýärler we käwagt hemralara ýa-da planetalara gaçýarlar. Ýeriň atmosferasyna  asman jisimi girende, ot bolup ýanýar we meteorit diýilýär.

NASA-nyň howa radaryny, Miçigana düşen bu daş bölekleriniň nirä gidenini yzarlamak üçin ulandylar. Iki günüň içinde meteorit awçysy Robert Ward meteroidiň ilkinji bölegini doňan kölden tapdy. Soň bolsa bu meteorit bölegi degişli muzeýe sowgat edildi.

Bu meteorit böleginiň üstünde işleýän alymlaryň biri Jennika Greer, düşen her bir meteorit bilen düýbünden garaşylmadyk bir zadyň bolup biljekdigini aýdýar. Gözlegçiler tiz wagtdan munuň H4 çagyl meteoritidigini kesgitlediler. Emma bu meteoritiň esasy wakasy, gaty çalt ýygnalyp, derňelmegi boldy.

Alymlar Ýerdäki ýaşaýyş üçin jogapkär bolan organiki (uglerodly) birleşmeleriň bu ýere nädip ýetendiklerini entek bilenoklar. Bu ýagdaýy düşündirmäge synanyşýan teoriýalaryň biri, ýaşaýşyň Ýere gaçan meteoritlerde organiki komponentlerden başlanandygyny aýdýar.

Orazmyrat BERDINIÝAZOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok