PELE – 80 ýaşady!

23-nji oktýabrda meşhur Braziliýaly futbolçy Edson Arantis do Nasimentiň 80 ýyllygy bellenildi, ol Pele lakamy bilen her kim tanaýar.

Sport karýerasyny 1977-nji ýylda tamamlady, ýöne Planetanyñ iň meşhur adamlaryň biri bolmagynda galdy.

Pele taryhda üç gezek (1958, 1962 we 1970) dünýä çempiony bolan ýeke-täk futbolçydyr.  Iň köp pökgi geçiren rekordy – “Santos” we “Nýu-York Kosmos” we Braziliýa milli ýygyndylary üçin 1363 we 1281 gol geçirmegi başardy.

FIFA ony iň beýik futbolçy we Halkara olimpiýa komiteti 20-nji asyryň iň beýik türgeni hökmünde ykrar etdi. Şeýle-de bolsa, terjimehalynda henizem belli bolmadyk bölümler bar. 

Ine, olardan biri:
Pele emini nädip oýundan  “aýyrdy”. Welaskes Pelini oyundan aýryp tersine özi  çykmaly boldy. Peläniň oýnan “Santos” kluby 1968-nji ýylyň 18-nji iýunynda Bogotada Kolumbiýa bilen dostlukly görnüşde oýnady.

Kolumbiýanyň goragçysyna garşy düzgünleri bozandygy we oňa dil ýetirendigi üçin emin Guillermo Welaskes beýik Peläni meýdançadan çykaranda, köp adamly stadionda haýran galdy.

Welaskes 2010-njy ýylda geçirilen bir söhbetdeşlikde gapdal eminleriň birine baş eminligi tabşyrmagy we gitmegi gowy hasaplaýandygyny aýtdy.
Pele  bolsa oýnamagyny dowam etdirdi.

Merjen MERGENOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok