“Hyundai” iň kiçi döwrebap elektrik awtoulagyny hödürledi.

“Hyundai” geçen ýyl hödürlenen “SUV” konsepsiýasy bilen ylhamlanan kiçi elektrik awtoulagyny görkezdi. Awtoulagyň satuwa hödürlenjekdigi ýa-da berilmejekdigi baradaky maglumatlar paýlaşylmady.

Düýbi Günorta Koreýada ýerleşýän awtoulag öndürijisi Hyundai, beýleki awtoulag öndürijileri ýaly elektrik awtoulag dünýäsini ýakyndan yzarlaýar we bu ugurda işlemegini dowam etdirýär. Geçen ýyl Frankfurt awtoulag sergisinde täze elektrik SUV konsepsiýasy Hyundai 45-nji konsepsiýasyny görkezen bu kompaniýa indi 45-nji konsepsiýanyň köpçülikleýin önümçilik görnüşini hödürledi. Şeýle-de bolsa, garaşylýandan has kiçi.

Awtoulaglara höwes edýän çagalar üçin salgylanma hökmünde 45-nji konsepsiýany alýan kiçi elektrikli awtoulag öndürýän Hyundai, ulaga aýratyn at bermese-de iň kiçi elektrik ulagynyň suratlaryny “Çagalar üçin ýörite sowgat” ady bilen paýlaşdy we wideosyny ýaýratdy.

Ulagyň içinde iki sany elektrik hereketlendirijisi bar, ulag hereketlendirijilerden alýan güýji bilen iň ýokary tizligi 7 km / sag tizlige ýetip biler. Sport awtoulaglaryndan göz öňünde tutulan amatly oturgyjyň bir zarýad bilen gidip bilýän iň ýokary aralygy entek aýan edilenok.

Batareýa bilen işleýän beýleki ulaglardan tapawutlylykda, Hyundai mini konsepsiýasynda plastmassa derek agaç materiallaryny ulandy. “Hyundai” kiçi elektrik ulagynyň köpçülikleýin önümçiligini ýa-da bahasyny mälim etmedi, ýöne ulagyň çäkli önümçilik önümi bolmagyna garaşylýar.

Kuwwat HEMDEMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok