“We World Express” bilen hyzmatdaşlyk edýän “Hepsiburada” online söwda saýty daşary ýurtlardan satyn alnan ähli harytlary bir hepdäniň dowamynda eltmek hyzmatyny hödürlär.
Türkiýäniň iň uly elektron söwda platformasy “Hepsiburada”, müşderilerine daşary ýurtlarda has gowy söwda mümkinçilikleri hödürlemegi maksat edinýär. Aýdylanlara görä, “We World Express” bilen hyzmatdaşlyk edýän Hepsiburada, daşary ýurtlardan edilen ähli sargytlar üçin ulanyjylaryna 1 hepdäniň dowamynda eltip bermek hyzmatyny hödürlär.
“Türk Howayollary”, “ZTO Express” “PAL” we “Win World Express” ýaly kompaniýalar, Türkiýeden satyn alnan önümleri eltip bermek üçin logistika jogapkär bolarlar.
Beýleki tarapdan, “We World Express”-iň baş direktory Hakan Bulat, durmuşa geçiren hyzmatdaşlygy barada: “Biz World Express bilen hyzmatdaş bolmak bilen, güýçli infrastrukturamyz, çalt we ygtybarly eltiş hyzmatymyz bilen “Hepsiburada”-nyň daşary ýurtdaky müşderilerini kanagatlandyrarys. “World Express” hyzmatdaşlary üçin täze mümkinçilikleri döretmegi we ahyrky eltiş hyzmaty we güýçli IT infrastrukturasy bilen çözgüt hyzmatdaşy bolmagy dowam etdireris.” diýip belledi.
Jeren DÖWLETOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Teswirler