Habib Nurmagomedow UFC-niň sanawynda birinji orna çykdy

UFC-niň täzelenen sanawynda bir gezek hem ýeňilmedik russiýaly Habib Nurmagomedow agram derejesine garamazdan iň oňat söweşijileriň 1-nji hataryna geçdi.

РИА «Дагестан» habarlar gullugynyň aýtmagyna görä Nurmagomedow bu sanawyň köp ýyllaryň dowamynda 1-nji ornuny saklap gelýän amerikaly Jon Jonsyň ýerine geçmegi başardy.

32 ýaşly Nurmagomedow MMA-da 2008-nji ýylyň sentýabr aýynda ilkinji gezek çykyş etdi. 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda bolsa Habib UFC-iň howandarlygynda ilkinji söweşini geçirdi. Şondan bäri  hem UFC-iň esasy ýyldyzlaryndan birine öwrüldi. Karýerasynda Habib Nurmagomedow 29 söweş geçirip, olaryň ählisinde ýeňiş gazanmagy başardy.

Habib Nurmagomedow 25-nji oktýabrda gije Abu Dabide (BAE) «söweş adasynda» geçirilen UFC 254-de amerikaly Jastin Getjini ýeňeninden soň, özüniň söweş ýoluny bes etjekdigini habar berendigini ýatladýarys.

Maýa Söhbetowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok