Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanylyp “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020” atly XXV Halkara maslahat (OGT-2020) geçiriler. Maslahat 28-29-njy oktýabrda Aşgabat şäherinde geçiriler.
Bu halkara maslahata “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we Beýik Britaniýanyň “GaffneyCline” kompaniýasy gatnaşar. Ýeri gelende aýtsak maslahaty agzalan kompaniýanyň we degişli konserniň gurnaýandygyny bellemek gerek.
Häzirki zaman tehnologiýany we sanly ulgamyň durmuşymyza ornaşmagyny göz öňünde tutup OGT-2020 halkara maslahatyna adaty tertipde gatnaşmak bilen bir hatarda “Zoom Professional” platformasy arkaly dünýäniň 70-den gowrak ýurdundan onlaýn görnüşde gatnaşyp bolar.
Maslahata gatnaşyjylar esasy dünýäniň ýangyç-energetika pudagyndaky ösüşler we özgermeler dogrusynda, şeýle-de Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, TOPH gaz geçirijisi, Hazar deňziniň Türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek hem-de gaz-himiýa taslamalarynyň geljegi baradaky birnäçe meseleleriň üstünde durup geçerler.
Geçiriljek Halkara maslahata Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň, halkara guramalaryndan birnäçe ýolbaşçylar gatnaşarlar.
OGT-2020 halkara maslahaty daşary ýurtly kompaniýalaryň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga uly ähmiýet berer.
Begenç GARAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Teswirler