Süýt we süýt önümleriniň öndürilişi barha artýar

«Şabat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň önümçilik bölümlerine ornaşdyrylan innowasion tehnologiýalaryň, goşmaça enjamlaryň ygtybarly ulanylmagy netijesinde, önümçiligiň möçberi 120 göterim ösdi. Daşoguz şäherinde ýerleşýän kärhanada şu ýylyň başyndan bäri 5 million manatlykdan gowrak süýt we süýt önümleri öndürildi. Diňe şu aýyň dowamynda kärhanada 100 tonna süýt gaýtadan işlenilip, öndürilen süýt önümleriniň möçberi pul mukdarynda 800 müň manatlyga barabar boldy. Azyk howpsuzlygynyň üpjün edilişine mynasyp goşant goşýan paýdarlar jemgyýetinde önümiň hil derejesine aýratyn üns berilýär. Gaýtadan işlenen süýdüň hasabyna öndürilen mesge, peýnir we dorog, gatykdyr uýadylan gaýmak ýaly, jemi 20 görnüşli azyk önümleri daşky bezegi juda owadanlygy bilen tapawutlanýar we dürli möçberli gaplara gaplanýar. Önümler ýörite dükanlar we beýleki söwda nokatlary arkaly sarp edijilere täzeligine ýetirilýär.

Aýjahan Ýusupowa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok