Saharada saklanyp galan agaçlaryň üsti açyldy.

Günbatar Afrikada, Kopengagen uniwersitetiniň we NASA-nyň ýolbaşçylygyndaky alymlar topary birnäçe yzygiderli barlaglary geçirdiler we 1,8 milliardan gowrak saklanyp galan gyrymsy agaçlaryň üstünden bardylar. Baş ýazyjy Martin Brandtyň pikiriçe, bu Sahara ýaly gurak tebigatly ýerde üýtgeşik bir açyş diýip belleýär.

Bu açyş, NASA-dan alnan hemra suratlaryny we emeli hemra ulgamyny ulanmak arkaly geçirildi, sebäbi hemra suratlary aýry agaçlary kesgitläp bilmeýär.

Mundan başga-da, tokaý ýerleriniň daşyndaky agaçlary sanamaga gyzyklanmanyň ýoklugy, bu sebitde ýok diýen diýen pikire sebäp boldy.  Gözleg ilkinji gezek uly gurak ýerdäki agaçlary sanawyny çykarmak boldy.

Brandtyň belleýşi ýaly, iri tokaýlaryň daşyndaky agaçlar global uglerod toplumyna goşulmaýar. Şeýle-de bolsa, bu sebitdäki agaçlar, miweler we haýwanlar adamlar üçin möhümdir we ekin meýdanlarynda saklanylanda, ýokumly maddalaryň we suwuň deňagramlylygyny ýokarlandyrmak arkaly ekiniň hasyly üçin peýdalydyr.

Alymlar müňlerçe agaç suratlaryny emeli intellekt modellerinde görkezdiler.  Olaryň şekillerine esaslanyp, NASA şekillerdäki agaçlary kesgitledi. Gysga wagtyň dowamynda bu ýeriň tebigy gurluşynyň hem öwrenilmegine garaşylýar. 

Bu usul, dünýädäki howa maksatlaryna goşant goşmak meselesinde möhümdir.  Indiki ädim, şeýle ýagdaýy Afrikanyň has uly sebtinde amala aşyrmak. Indiki meýilnamalar tokaý ýerleriniň daşyndaky agaçlaryň global maglumatlar binýadyny döretmek bolup durýar.

Jennet BABAMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok