Global ýylylygyň arheologlara ylmy taýdan kömek edýänligi belli boldy.

Alp daglaryndaky buzluklaryň eremegi biziň döwrümizden has öň bu sebitde ýaşaýan adamlaryň ýaşaýyş şertlerine we medeniýetine şaýatlyk edýän gadymy eserleriň bir toparyny ýüze çykardy.  Alymlaryň pikiriçe, bu global ýylylygyň ýeke-täk oňyn netijesidir.

Iň gyzykly tapyndylaryň arasynda agaçdan ýasalan heýkeljikler, dantelli aýakgap we ösümlik süýüminiň galyndylary bar.  Olaryň ýaşy (beýleki açylan zatlar bilen bilelikde) 5-6 müň ýyla barabardygyny bellemek gerek.  “AiF” -yň habar bermegine görä, olaryň kime degişlidigi henizem bilip bolanok.

Buzdaky artefaktlaryň uzak wagtlap täsir etmegi olaryň gowy saklanmagyna goşant goşupdyr. Soňky ýyllarda buzluklaryň eremegi bilen alymlaryň gözüne geçmişden has gyzykly zatlar görünýär.  Hatda “buzluk arheologiýasy” düşünjesi hem ylmy taýdan ulanylyp başlandy.  Geljekki onýyllyklarda bize başga ajaýyp açyşlaryň garaşýandygyny aýtmak bolar.

Ýazmyrat BÄŞIMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok