Dürli görnüşli turbalar öndürilýär

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän döwrebap düzümleriniň biri-de «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasydyr. Ol diametri 110 millimetrden 630 millimetre çenli uniwersal himiki durnuklylygy bolan we 50 ýylyň dowamynda 10-16 atmosfera basyşyna çydamly polietilen hem-de polipropilen suw we lagym turbalaryny öndürýär. Munuň üçin senagat zolagynda Ýewropada öndürilen uly we kiçi diametrli suw turbalaryny, şeýle hem uly diametrli lagym turbalaryny we elektrik kabellerini çekmek üçin gasynlanan turbalary öndürmäge niýetlenen enjamlar oturdyldy. Bu barada «Rysgal» gazeti bahar berýär.

Önümçilik üçin çig malyň esasy bölegi Gyýanlydaky gazhimiýa toplumyndan alynýar. Kärhanada her günde 200 metrden 1000 metre çenli polimer önüm öndürilýär. Täze kuwwatlyklaryň işe girizilmegi telekeçilere jemagat gullugynyň hem-de gurluşyk kompaniýalarynyň dürli görnüşli turbalara islegini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda önümler diňe bir içerki bazara ýerlenmän, eýsem, goňşy döwletlere hem eksport edilýär.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly hem bu hojalyk jemgyýeti üçin rowaç ýyllaryň biri boldy. Şu ýylyň iýunynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürýän Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyryny gurmak barada «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany daşarky eltiji elektrik, gaz, suw we lagym üpjünçiliginiň inžener ulgamlaryny, demir ýollary gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Muhammet Çarymyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok