“Doogee” “S96 Pro” çydamly we infragyzyl gijeki görüş kameraly telefonyny tanyşdyryldy.

Doogee “S96 Pro” atly çydamly telefonynyň tanyşdyrylyşyny etdi. Telefon diňe bir çydamly bolman, eýsem tehniki aýratynlyklary taýdan ajaýyp ajaýyplyklara hem eýedir. Telefon şu ýylyň dekabr aýynda “Amazon” saýtynda elýeterli bolar.

Ygtybarly smartfonlary bilen ünsi özüne çekmegi başaran Doogee, “S96 Pro” atly täze akylly telefonyny yglan etdi. Telefonyň berk gurluşy bar bolsa-da, iň täsir galdyryjy tarapy, infragyzyl gijeki görüş kamerasydyr.

Doogee S96 Pro-da HD + durulygy hödürleýän 6.22 dýuýmlyk LCD displeýi bar. Ekranda 16 MP durulykdaky öň kamerasy bar. Ulanyjylar telefonyň öň kamerasyny ulanyp, ýüz ekrany açmak aýratynlygyny hem ulanyp bilerler. Telefonyň gyrasynda barmak yzy okaýjy datçigi hem bar.

“MediaTek Helio G90” prosessor bilen işleýän telefonda 8 Gb RAM we mikro SD bilen giňeldip boljak 128 Gb ammar bar. “Android 10” operasiýa ulgamy bilen işleýän telefonyň 6.350 mAh akkumulýator batareýasy bar. Ulanyjylar bu batareýany 24 watt simli we 10 watt simsiz zarýad berip bilerler.

Telefonyň arka tarapynda dört kamera ýerleşýär. Bu kameralarda 48 MP esasy kamera, 130 dereje meýdany bolan 8 MP ultra giň burçly kamera we 2 MP makro kamera bar. Bulardan başga-da, 20 MP Sony IMX350 datçigi telefonda ýerleşdirilen 4 çyra we 4 infragyzyl ýagtylyk çeşmesi bilen birleşýär we tutuş garaňkylykda-da aýdyň şekilleri döredýär.

Leýla ÝAKUBOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok