Borçnama üstünlikli amal edildi

Ýurdumyzyň maldarçylyk hojalyklarynda gyşky ot-iými taýýarlamak boýunça borçnama üstünlikli amala aşyrylýar. Şu ýyl Lebap welaýaty boýunça 13 müň 532 tonnadan gowrak ot taýýarlanyldy. Otuň 105 tonnasy ýorunja bedesi, 3 müň 267 tonnasy meýdan otlarynyň bedesi, 10 müň 101 tonnasy iri baldakly otlardyr. Şeýle hem hojalyklarda gyş üçin 1 müň 337 tonna saman, 59 tonna arpa taýýar edildi. Taýýarlanan ot-iýmler şu günler ýörite ulaglar bilen Garagumuň jümmüşindäki sürüleriň agyllaryna eltilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Gyşladyş möwsüminde mallary ýitgisiz idetmek üçin 373 kaşar we 113 agyl hem gözden geçirildi.

Uzukjemal Atdaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok