Türkmen ilçisi bilen duşuşyk

Türkiýe döwletiniň Keçiören şäher hakimligi Türkmenistanyň Türkiýe döwletindäki ilçihanasy bilen duşuşyk geçirdi diýip “AA” (Anadolu Ajansi) agentligi habar berýär.

Agentligiň habar bermegine görä, Keçiören şäher hämkliginiň orunbasary Sabiha Akdemir bilen  medeniýet we jemgyýetçilik işleri boýunça müdiri Buket Paker Türkiýe döwletindäki Türkmenistanyň ilçisi Işanguly Amanlyýew bilen duşyk geçirdiler. Geçirilen duşuşykda iki ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşyklar hakynda gürriň edildi.

Duşugyň barşynda Türkmen ilçisi Işanguly Amanlyýewi Keçiören şäher häkimi Turgut Altynokyň hormatly myhmany bolup öz edara binalaryna çagyrdylar.

Duşuşygyň ahyrynda Işanguly Amanlyýewa Keçiören şäher häkiminiň adyndan ýadygärlik sowgady gowşuryldy.

Kadamowa Ýazjemal
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok