Limon miwesiniň saglyga peýdasy

Açyk sary reňkli miwe bolan limon özüniň özboluşly häsiýetleri bilen uly orna mynasyp bolýar. Limon miwesiniň düzümi ýokumly maddalara baýdyr. Onda S witamini, şeýle hem R we W witaminleri, fosforyň, kaliniň, kalsiniň duzlary bar. Ter limon efir ýagyny, limon suwuny, limon kislotasyny almak üçin hem ulanylýar.

Limon miwesi kesel bejermekde hem ulanylýar. Limon kislotasy azyk senagatynda, lukmançylykda we boýag işlerinde peýdalanylýar. Limonyň şiresinde, gabygynda pektin maddasynyň mukdary köp. Bu madda limony ter saklaýar. Miwäniň durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Pektin maddasy senagatda hem giňden ulanylýar. Limondan alnan pektin maddasynyň hili ýokary bolýar. Ol medisinada aşgazan kesellerini bejermekde hem ulanylýar. Limonyň gabynyň peýdalary guradylyp gerek wagty iýilen ýagdaýynda özüniňkiden 5 esse köpdir. Ol hem ýokary gan basyşyny sazlaýar.  Bu miwe damarlary berkidýär, ganyň düzümindäki eritrositleri ýokarlandyrýar, ýürek urşuny kadalaşdyrýar. Limonyň suwyny ary baly bilen garyşdyryp iýseň üsgülewigiň aýrylmagyna kömek edýär.

Haýdarowa Bahar
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok