“LG” kompaniýasy telefon söýüjiler üçin çydamly Q52-i modelini tanyşdyrdy.

LG täze görnüşli telefony Q52-ni tanyşdyrdy. Q52-niň iň täsirli aýratynlygy, MIL-STD-810G şahadatnamasynyň bolmagydyr.

Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi bolan LG kompaniýasy gurnan çäresinde Q52 atly täze görnüşli telefonyny tanyşdyrdy. Telefonyň şol bir kategoriýadaky beýleki modeller bilen meňzeş aýratynlyklary bar bolsa-da, Q52-niň MIL-STD-810G kepilnamasynyň bolmagy telefony birnäçe ädim öňe süýşürdi diýen ýaly.

LG-iň täze smartfonynda 6,6 dýuým HD + durulykly IPS LCD displeýi bar. Degişli ekranda 13 MP durulykdaky kamera bar. Şeýle hem, ekrany açmak üçin LG Q52-iň gapdal panelinde barmak yzy okyjy datçigi bar.

LG Q52 “MediaTek Helio P35” prosessor bilen üpjün edilen. Bu prosessor 4 GB RAM we 64 GB içki ýadynyň bardygyny bellemek gerek. Ulanyjylar telefonyň mikro SD goldawy bilen içki ýadyny giňeldip bilerler. “Android 10” operasiýa ulgamyndan başga-da, “LG ​​Q52” akylly telefony, 4000 mAh batareýa güýji öz içine alýar.

Telefonyň arka tarapyna seredenimizde, dört kameranyň gurnalandygyny görýäris. Bu kamera gurnama, 48 MP durulykdaky esasy arka kamerany, 8 MP ultra giň burçly kamerany, 2 MP makro kamerany we 2 MP çuňlukly kamerany öz içine alýar. Telefonyň arka panelinde polikarbonat gurluşy bar, bu telefonda barmak yzlaryny okamagy başarýanlygydyr.

Durdymuhammet ORAMOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok