Şu gün Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussat sazanda 1925-1948-nji ýyllarda ýaşap geçen dutarçy Şamyrat Gurbannepesowyň 95 ýaş ýubileýi mynasybetli ýatlama döredjiik agşamy geçirildi.
Bu dabarada konserwatoriýanyň halypa mugallymlary çykyş etmek bilen, ussadyň döreden “Höwesim” “Gurultaý” Bäherden mukamy” ýaly ajaýyp sazlarynyň aýratynlygy dogrusynda ussat sanandanyň dutar ýerine ýetirijiliginiň ägirtleri bolan Türkmenistanyň halk bagşysy Mylly Täçmyradowyň hem-de Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýewň şägirdi bolandygy barada gyzyly gürrüňeri berdiler.
Sazandany ýatlap çykyş eden halypalar ýazyjy Mämmet Seýidowyň “Durun mukamy ” poeasynyň hem Şamyrat Gurbannnepesowa bagyşlanylan eserdigi barada belläp geçdiler. Dabaranyň dowamynda sazandanyň döreden ajaýyp sazlary konserwatoriýanyň mugallymlarydyr talyplary tarapyyndan ýokary derejede ýerine ýetirildi.
Gülzada Guldurdyýewa
Maýa Kulyýewa adyndaky
Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby
Teswirler