Dünýäde iň köp girilýän web sahypalary yglan edildi.

“Digital 2020 Global Statshot”-yň oktýabr hasabatyna esaslanýan maglumatlar, dünýäde iň köp girilýän web sahypalaryny ýüze çykardy. Iň meşhur web sahypasynyň “Google”-dygyny görkezýän maglumatlar, ulanyjylaryň interneti diňe sosial media platformalary üçin ulanmaýandygyny görkezýär.

SEMrush atly onlaýn marketing kompaniýasy sentýabr we oktýabr aýlarynda internet traffigi maglumatlaryna esaslanyp, dünýäde iň köp girilýän web sahypalaryny ýerleşdirdi. Hootsuite we We Are Social platformalary tarapyndan döredilen “Digital 2020 Oktýabr Global Statshot” hasabatyna esaslanan reýting ulanyjylaryň internet endiklerini açyp görkezýär.

Sosial media platformalary internet hakda pikir edeniňizde gönüden-göni kelläňize gelip biler. Aslynda bu dogry çemeleşme. Sebäbi her gün 2 million töweregi internet ulanyjy sosial media toparyna goşulýar. Häzirki wagtda sosial medianyň ulanylyşy 4 milliarddan geçdi. Şeýle hem, statistika islendik ulanyjynyň oýanýan wagtynyň 15 göterimini sosial mediýada geçirýändigini görkezýär. Şeýle-de bolsa, ulanyjylar interneti diňe sosial media maksatlary üçin ulanmaýarlar. Dünýäniň iň meşhur web sahypalary hem köp sanly myhmanlary özünde jemleýär.

Gözlegleriň netijesine görä, Google dünýäde iň köp girilýän web sahypasydyr. Galyberse-de, ulanyjylar dünýäniň iň meşhur gözleg motory arkaly girmek isleýän web sahypasyna girýärler. Bu nukdaýnazardan, Google 105 milliard sapar bilen sanawda öňdeligi eýeleýär.

Arslanmyrat REJEPMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok