Balkanabatda täze ýyladyşhana açyldy

Häzirki wagtda ýurdumyzda ýyladyşhana toplumlaryny ösdürmek hem-de daşary ýurtdan gelýän önümleriň ornuny tutup biljek önümleri Türkmenistanda öndürmek üçin ýerli telekeçiler, daýhanlar uly aladalary edýärler. Şuňa mysal şu gün Balkanabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän «Düzmergen» ýaýlasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de onuň partiýasynyň agzasy, telekeçi Halmämmet Amanmämmedowa degişli ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Dünýäniň öňdebaryjy döwletleri bolan Türkiýe we Gollandiýa ýaly döwletleriň kämil enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen täze ýyladyşhananyň açylyş dabarasyna Balkan welaýat we Balkanabat şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary gatnaşdylar.

Ýyladyşhanamyň geljekde 1 müň tonna golaý pomidar hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Öňümizdäki ýyl bolsa bu ýyladyşhana-da pomidor bilen birlikde hyýar, bolgar burçy ýaly gök önümleri hem ösdürip ýetişdirmek göz öňünde tutulýar.

Nurgözel ÝAZYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok