“LinkedIn” – “Instagram”-daky ýaly hekaýalar aýratynlygyny tanyşdyrdy.

Dünýäniň iň meşhur sosial işewürlik ulgamy hasaplanýan LinkedIn, täze hekaýalar aýratynlygyny dünýädäki ulanyjylaryna hödürledi.  Hekaýalar aýratynlygy markalaryň aragatnaşyk strategiýalarynda möhüm rol oýnar diýip pikir edilýär.
“Snapchat” tarapyndan ulanylandan soň “Facebook” we “WhatsApp” -da öz ornuny alan “Hekaýalar” aýratynlygy LinkedIn-e hem goşuldy.
Dünýäniň iň meşhur sosial işewürlik ulgamy hasaplanýan we 2002-nji ýylda esaslandyrylan LinkedIn, “LinkedIn Hekaýalar” aýratynlygyny bütin dünýäde açdy.  Täze aýratynlygyň kömegi bilen kompaniýalar we aýratyn ulanyjylar platformanyň üsti bilen mobil programmasy arkaly suratlar we gysga wideolar goýup bilerler. 
“Instagram” görnüşine eýe bolan täze aýratynlyk, markalara 20 sekuntda ýetip bilýän suratlar we wideolar bilen agzalaryna ýetmäge mümkinçilik berýär.  Paýlaşmagyň bu görnüşi, köp platformalarda hekaýa aýratynlygyndaky ýaly 24 sagatdan soň ýitýär.
Täze aýratynlyk bilen markalar we ulanyjylar tekstleri we ýöriteleşdirilen iş stikerlerini Hekaýalara birleşdirip bilerler.  Bu aýratynlyk, synag maksady bilen açylan Fransiýa, Braziliýa we ABŞ ýaly ýurtlarda ulanyjylar tarapyndan çalt kabul edildi we ulanyldy.
“LinkedIn” hekaýalary markalar we ulanyjylar tarapyndan eýýäm dürli usullar bilen ulanylýar.   Şeýle hem täze önümiň önümçiligini görkezmek we sorag-jogap çärelerini ýerine ýetirmek ýaly maksatlar üçin hem ulanyldy.

Gurbanmyrat ŞANAZAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok