Hytaýyň “Aýyň garaňky tarapyna” ugradan kosmos gämisi 565,9 metr ýol geçdi.

Hytaýyň Aýyň garaňky tarapyna iberen “Chang’e-4” kosmiki gämisi Aýda 565,9 metr aralygy geçdi. Kosmos gämisi 600-nji gününi Aýyň üstünde geçirdi.
Hytaýyň Aýa iberen we Aýyň garaňky tarapyna ilkinji gezek gonan “Chang’e-4” kosmiki gämisi, ýene bir möhüm üstünlik gazanmagy başardy. Hytaýyň resmi habar gullugy Sinhua tarapyndan paýlaşylan habara görä, kosmos gämisi Aýyň garaňky tarapynda 565,9 metr aralygy geçdi. Kosmos gämisi uzak wagtdan bäri Aý hakda maglumatlary ýygnaýar.
Paýlaşylan maglumata görä, “Chang’e-4” kosmiki gämisi 23-nji aýdan soň durnukly işläninden soň şeýle takyk maglumaty bermegi başardy. Kosmos gämisi Pekin sagat wagtyna görä 21:40-da işlemegini bes etdi.
Alymlar kosmos gämisinde neýtron radiasiýa detektory tarapyndan alnan maglumatlar bilen Aýda yzygiderli dokumentleşdirilen radiasiýa ölçeglerini amala aşyrdylar. “Science Advances” žurnalynda çap edilen maglumatlara görä, emeli hemramyzyň üsti aşa radioaktiw. Aýyň ýüzi, Halkara kosmos stansiýasyndan takmynan 2-3 esse, ýer ýüzünden 300 esse radioaktiwdir.

Güýçmyrat GURBANMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok