Opera Mini, ýuwaşlyk bilen bolsa-da, internet brauzer bazarynda barlygyny dowam etdirýär. Programmany, häzirki wagtda Android gurşawyndaky ulanyjylaryň sany 500 milliondan geçdi.
Android operasiýa ulgamy ep-esli wagt bäri tehnologiýasy meýdanynda işlemegini dowam etdirip gelýär. Mundan ozal bu operasiýa degişli gelýän programmalar kän däldi. Symbian, Windows Phone ýaly operasiýa ulgamlarynda görýän brauzerimiz, häzirki wagtda iOS we Android-de işini dowam etdirýär.
“Opera Mini” online bazardaky iň meşhur brauzer bolmasa-da, “Android” platformasyndaky möhüm nokatdan öňe geçmegi başardy. Brauzeri göçürip alýanlaryň umumy sany 500 milliondan geçdi.
“Google Play Store” tarapyndan ýaýradylan maglumatlara görä, “Opera Mini” brauzeri göçürip almagyň 500 milliondan geçendigine garamazdan, bu ýüklemeleriň ep-esli böleginiň dürli smartfon öndürijileri bilen baglaşylan şertnamalaryň netijesidigini ýatdan çykarmaly däldir. “Opera Mini” ýaňy-ýakynda “Micromax” we “QMobile” ýaly kompaniýalar bilen saýlanan telefonlarda esasy brauzer hökmünde öz programmalaryny gurmak barada şertnama baglaşdy.
Şeýle-de bolsa, 500 milliondan köp göçürilip alynýan programma Google-da köp däldir. Bu topara “Pniterest”, “Telegram” we “SwiftKey” ýaly programmalar we elbetde sosial media ägirtleriniň goşundylary girýär.
Umuman, Google Chrome-yň agdyklyk etmegi bilen bu döwürde Opera we Opera Mini-leriň gaty gowy işlemändigini aýtmak ýalňyş bolmaz. Kompaniýanyň bazar paýynyň azalmagy sebäpli girdejiler hem azaldy.
Opera, Afrikada we Aziýanyň käbir sebitlerinde çap edilen gysga möhletli karz amallary bilen girdeji akymyny döretmäge synanyşdy. Bu amallaryň Google syýasatlaryna gaty laýyk gelmeýändigi aýdyldy.
Gülälek MÄMETMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.
Teswirler