Birleşen Milletler Guramasy- bu parahatçylygy saklamak we pugtalandyrmak, umumy howpsuzlygy üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we ählumumy durmuş- ykdysady ösüşe ýardam bermek maksady bilen döredilen iri halkara guramadyr. Gurama resmi taýdan 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda döredildi we ony esaslandyryjy hökmünde 51 döwlet çykyş etdi. Häzirki wagtda gurama 193 agzadan ybarat. Bu ýyl guramanyň döredilmeginiň 75 ýyl ýubileýi bellenilýär.
Türkmenistan bu iri guramanyň agzasy hökmünde özüniň daşary we içeri syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitledi we ýurtda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek, sebitde we bütin dünýäde beýleki döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklamak maksatlaryny öňde goýdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek bolup durýar.
Türkmenistanyň öz goňşulary we sebitden daşardaky döwletler bilen sazlaşykly gatnaşyklaryna ygrarly bolmagy onuň bitaraplyk syýasatynda we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynda öz beýanyny tapdy.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda biragyzdan kabul eden Rezolýusiýasynda Milletler Bileleşigi “Türkmenistanyň yglan eden hemişelik Bitaraplyk derejesini ykrar edýär we goldaýar” diýlip aýdylýar. Bu biziň döwletimiziň alyp barýan oňyn we yzygiderli häsiýetli daşary syýasatyny halkara jemgyýetçiliginiň goldaýandygyna şaýatlyk edýär. Türkmenistan iş ýüzünde Birleşen Milletler Guramasynyň parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek baradaky tagallaryna ygrarlydygyny görkezdi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda “Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy” atly ikinji Rezolýusiýanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistany ynamdar we jogapkärçilikli hyzmatdaş hökmünde görýär. Munuň özi häzirkizaman dünýäsiniň derwaýys meseleleriniň çözgütlerini gözläp tapmak boýunça halkara gepleşiklerinde işjeň orny eýeleýän, ýurduň oňyn içeri we daşary syýasaty bilen şertlendirilýär. Şu jähtden biziň ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň wise-başlyklygyna altynjy gezek saýlanýandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. Çünki mundan ozal Türkmenistan hut şu derejesinde 58-nji, 62-nji, 64-nji, 68-nji we 71-nji mejlislerine gatnaşdy.
Häzirki wagtda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2018-2020- nji ýyllar üçin, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň içerki ulaglar boýunça komitetiniň edarasynyň 2019-2020-nji ýyllar üçin, Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2020-2022-nji ýyllar üçin, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň 2017-2020-nji ýyllar üçin, Ykdysady we durmuş geňeşiniň 2019-2021-nji ýyllar üçin agzasy bolup durýar. Mundan başga-da Watanymyz 2017-2021-nji ýyllarda Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň, 2017-2020-nji ýyllarda Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň, 2020-2023-nji ýyllarda Neşe serişdeleri boýunça komissiýasynyň , 2018-2022-nji ýyllarda Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasynyň, 2020-2024-nji ýyllarda Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlandy. Bu bolsa döwletimiziň halkara derejesindäki abraýynyň artýandygynyň subutnamasydyr.
Türkmenistan maksada okgunly, özygtyýarly, bitarap, şol bir wagtyň özünde-de işjeň hem-de netijeli daşary syýasaty alyp barmak bilen, parahatçylygydyr-howpsuzlygy üpjün etmekde we hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm teklipleri taýýarlaýar.
Munuň aýdyň mysaly hökmünde geçen ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň agza döwletleriniň 73-siniň awtordaşlyk etmeginde döwlet Baştutanymyzyň teklibi bilen 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjy biragyzdan goldanyldy.
Sözümiň soňuny Gahryman Arkadagymyzyň şu sözi bilen jemlemek isleýärin: “Biz öz syýasatymyzda howpsuzlygyň bitewilik nukdaýnazaryndan ugur alýarys. Bu düşünje milli, sebitleýin we dünýä howpsuzlygy meseleleriniň bir bitewidigini aňladýar. Olara aýry-aýrylykda seretmeli däl-de, olary hemmetaraplaýyn çemeleşmek arkaly çözmeli.”
Laçyn HOJAÝEWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby
Teswirler