Kazanda Türkmenistanyň Söwda öýi açylar

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow çykyş edip, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň söwda öýlerini açmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Wise-premýer dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça degişli işleriň geçirilýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli harytlar daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýar. Bu ýagdaýlary nazara alyp hem-de «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulýan çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherinde Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak teklip edilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti bar bolan hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini we doganlyk halklaryň arasyndaky taryhy gatnaşyklary göz öňünde tutup, Tatarystan bilen hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýtdy.

Türkmenistan we Tatarystan ägirt uly senagat kuwwatyna eýedir. Hormatly Prezidentimiz öňde köp sanly taslamalaryň durandygyny belledi. Şolaryň durmuşa geçirilmegi biziň halklarymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Kazanda Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Söwda öýleriniň Owganystanda, Belarusda, Gyrgyzystanda, Gruziýada, Moskwada işleýändigini ýatladýarys.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok